Esasy mazmuna geç

Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakulteti

     Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakulteti ýokary sazçylyk biliminiň özeni bolup, ol saz sungatynyň döredijilik, ylmy we ýerine ýetirijilik ugurlaryny birleşdirýär. Bu fakultetde talyplar diňe bir saz çalmagy däl, eýsem sazyň içki gurluşyny, taryhy köklerini we täze eserleri döretmegiň inçe syrlaryny düýpli öwrenýärler. Kompozisiýa bölümi talyplaryň özboluşly saz dilini tapmagyna we iri göwerimli eserleri ýazmagyna ýol açýan bolsa, saz öwreniş bölümi sazy ylmy taýdan seljermek hem-de onuň taryhy ähmiýetini açyp görkezmek bilen meşgullanýar. Fortepiano hünäri boýunça bilim alýan ýaşlar bolsa dünýä klassikasynyň iň çylşyrymly eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi öwrenip, geljekde professional pianinoçylar we mugallymlar bolup ýetişýärler. Bu üç ugur biri-birini özara baýlaşdyryp, medeniýetimiziň ösmegine hem-de milli saz mirasymyzyň dünýä ýüzünde dabaralanmagyna uly goşant goşýar.

Kafedralar

Ählisini gör

Kompozisiýa we gurallama kafedrasy

Bu kafedra 1990-njy ýyllarda “Sazyň taryhy, nazaryýeti we kompozisiýa” kafedrasyndan bölünip aýratyn kafedra hökmünde işläpbaşlady. Milli kompozitorçy...

Doly oka

Sazyň nazaryýeti kafedrasy

Saz diliniň ýazuw usullary, olaryň häsiýetli aýratynlyklary Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan talyplara öwredilýär. Esasy hünärler...

Doly oka

Sazyň taryhy kafedrasy

Sazyň taryhy kafedrasy bu ýokary okuw mekdebinde bilimalýan ähli talyplara türkmen aýdym-saz sungaty bilen bir hatarda, dünýä saz medeniýetiniň taryhy...

Doly oka