Esasy mazmuna geç

Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasy

Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasy konserwatoriýanyň açylan ilkinji günlerinden bäri hünärmenleri taýýarlaýar. Bu kafedrada üflenip çalynýan saz gurallaryndan fleýta, goboý, klarnet, fagot, truba, woltorna, trambon, tuba, kakylyp çalynýan saz guralaryndan bolsa ksilofon, uly we kiçi deprekler, litawra ýaly saz gurallar boýunça talyplara hünär berilýär. Bu günki güne çenli kafedranyň ýetişdiren uçurumlary häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli medeniýet we sungat ojaklarynda zähmet çekýärler.