Esasy mazmuna geç
Ermeni topragynda türkmen baýramçylygy

Ermeni topragynda türkmen baýramçylygy

12.06.2026
26

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýeti, sungaty, edebiýaty ösdürmäge uly ähmiýet berlip, döredijilik işgärleriniň netijeli işlemekleri, zehin-başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Medeniýet ulgamynyň kämilligi jemgyýetiň kämilligi hasaplanylýar. Medeni dialogy ösdürmekde, medeni diplomatiýanyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlyk ilerledilýär. Netijede, medeni köprüler berkidilip, dostluk ýollary barha rowaçlanýar. 
     Ýakynda hem ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti Ermenistan RespublikasynyňMegri şäherinde bolup, V halkara senetçilik festiwalyna işjeň gatnaşdy. Halk senediniň ussatlaryny bir ýere jemlän çärä Türkmenistan bilen bilelikde Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Gruziýadan, Russiýadan, Belarusdan medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. 
      Festiwalyň açylyş dabarasy mynasybetli guralan konsertde «Görogly» şadessanyndan «Gümmürlendi», «Şasenem-Garyp» dessanyndan «Jan-jan» hem-de Magtymguly Pyragynyň sözlerine «Türkmeniň» aýdymlary belent ýaňlandy. Festiwalyň çäklerinde guralan sergide milli gymmatlyklara, amaly-haşam sungatynyň nusgalaryna orun berlip, halk aýdym-saz sungatynyň köpöwüşginliligi şöhlelendirildi. Her bir halkyňmilli aýratynlyklary, aýdym-sazlary oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. 
     Festiwalyň ýapylyş dabarasynda dostlukly halklaryň medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary bilen bir hatarda türkmen milli aýdymlary, dessanlardan parçalar ýerine ýetirildi. Umuman, halkara senetçilik festiwalynda halk aýdym-sazlarymyz bilen çykyş etmegimiz diňleýjileri türkmeniň gazma dutarynyň owazyna maýyl etdi. Festiwala gatnaşyjylar Ermenistanyň taryhy-medeni, tebigy ýadygärlik-lerine, şol sanda gadymy «Areni» gowagyna hem-de «Tatew» ybadathana toplumyna hem baryp gördüler. 
     Dutaryň owazy — parahatçylygyň, dost-doganlygyň owazy. Ol halkymyzyňgadymy senedi hem sungaty hökmünde dünýäde ykrar edildi. Biziň dessanlarymyzda, aýdym-saz sungatymyzda halkymy-zyň nurana dünýäsi, baý ruhy medeniýeti açylýar. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň hödürnamasy boýunça «Görogly» dessançylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2017-nji ýylda «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, 2021-nji ýylda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň bu abraýly sanawa girizilmegi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren bagşyçylyk sungatynyň we dessan aýtmak däpleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini, olaryň umumadamzat medeniýetinde aýratyn orun eýeleýändigini görkezen möhüm wakalar boldy. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýä derejesinde ösdürilmegi ugrunda edýän uly tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

                                   

                                    Kerwen Ýowbasarow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 

uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kondidaty, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy